Ygtyýarnamany almak üçin arza bermek

Şulara alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyny etmäge ýol berilmeýär:

1) bilim edaralarynyň (şol sanda bilim edaralaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň) çäginde we eýeçiliginde, ygtyýarlygynda we (ýa-da) peýdalanmagynda duran, olaryň çäklerinden ýüz metrden az bolan aralykdaky jaýlarda ýerleşýän söwda obýektlerine. Şu bentde bellenen gadagan etme sagat on sekizden soň (muňa işlenilmeýän baýramçylyk we ýekşenbe günleri degişli däldir), jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi üçin, olaryň çäginden ýigrimi bäş metrden az bolmadyk aralykda amala aşyrylýan alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna degişli däldir.

2) bedenterbiýe-sagaldyş we sport obýektleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň (şol sanda şypahanalaryň) we medeniýet edaralarynyňçäginde we jaýlarynda, görkezilen edaralaryň ýanyndaky jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, şeýle hem çaga iýmiti önümlerini ýerlemekde ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda ýerleşýän söwda obýektlerine;

3) harby maksatly obýektleriň çäklerinde we jaýlarynda ýerleşýän söwda obýektlerine;

4) jemgyýetçilik iýmiti obýektlerinde, şol sanda wagon-restoranlarda (wagon-kafelerde, wagon-bufetlerde, wagon-barlarda), şeýle hem deňiz gämilerinde we içerki ýüzüş gämilerinde, howa gämilerinde;

5) göçürip bolýan söwda obýektlerinde, şeýle hem alkogolly önümleriň söwdasy üçin bellenilmedik ýerlerde;

6) bedenterbiýe-sagaldyş we sport obýektlerinden, saglygy goraýyş edaralaryndan we medeniýet edaralaryndan, menzillerden, demir ýol platformalaryndan, howa menzillerinden, deňiz we derýa portlaryndan, ulag ýangyç guýuş beketlerinden, harby maksatly obýektlerden ýigrimi bäş metre çenli aralykda ýerleşýän söwda obýektlerine. Şu bentde we şu maddanyň birinji bendinde bellenen aralygy kesgitlemek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar;

7) çaga iýmiti önümleriniň söwdasyny amala aşyrýan köpugurly söwda obýektleriniň bölümlerinde;

8) ýöriteleşdirilen söwda obýektleri, şeýle hem çaga ýa-da sport harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan köpugurly söwda obýektleriniňbölümleri arkaly;

9) göçme söwda ulgamy arkaly (awtomaşynlardan, tirkeglerden, teležkalardan we beýleki ulag serişdelerinden), üstüne eltip berilýän, elden satylýan, islendik ýasama lotoklardan we tekjelerden (köçelerde, howlularda, jaýlarda);

10) ownuk-bölek söwda ulgamy arkaly.