Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň

DÖWLET SÖWDA GÖZEGÇILIGI GULLUGY

Söwda işi babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, aýry-aýry iş görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hem-de söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawyna girizmek boýunça resmi maglumat portaly.

01

Biz barada

Gullugyň esasy wezipeleri, hukuk binýady we gurluş bölümleri barada umumy maglumat.

Giňişleýin →
02

Ygtyýarlandyrmak bölümi

Işiň aýry-aýry görnüşlerini hem-de alkogolly we temmäki önümlerini ygtyýarlylandyrmak.

Bölüme geçmek →
03

Şahadatnama üçin arza bermek

Söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawyna girizmek we şahadatnama almak üçin elektron arza.

Arza tabşyrmak →
04

Söwda nokatlaryna şikaýat arzasyny bermek

Söwda nokatlarynyň işi boýunça raýatlaryň we sarp edijileriň ýüzlenmelerini kabul etmek.

Ýüzlenme ibermek →

Biz barada

Döwlet söwda sanawy
Döwlet söwda sanawy

Söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawyna girizilmek baradaky bölümi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň düzüm bölegi bolup, ol öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektleriniň Döwlet söwda sanawynyň ýöredilmeginiň we Döwlet söwda sanawyndan maglumatlaryň berilmeginiň Tertibine, «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda işleri amala aşyrýar we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryna hem-de Gullugyň Düzgünnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Ygtyýarlandyrmak bölümi
Ygtyýarlandyrmak

Ygtyýarlandyrmak bölümi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň düzüm bölegi bolup, ol öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Alkogolly we temmäki önümlerini getirmek, ýerlemek we temmäki önümlerini öndürmek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryna hem-de Gullugyň Düzgünnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Şahadatnama we ygtyýarnama resminamalary boýunça ýüzlenme

Söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawyna girizmek ýa-da degişli ygtyýarnamalary resmileşdirmek üçin onlaýn arza ugradyp bilersiňiz.

Söwda nokatlaryna şikaýat arzasyny bermek

Elektron şikaýat arzasy

Söwda nokatlarynyň işi boýunça ýüze çykan meseleler barada aşakdaky görnüşi dolduryp habar berip bilersiňiz.