Ygtyýarlandyrmak bölümi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň düzüm bölegi bolup, ol öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Alkogolly we temmäki önümlerini getirmek, ýerlemek we temmäki önümlerini öndürmek babatynda  işi  ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryna hem-de Gullugyň Düzgünnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Bölümiň esasy maksady

Alkogolly we temmäki önümlerini getirmek, ýerlemek we temmäki önümlerini öndürmek babatynda  işi  ygtyýarlylandyrmak işlerini amala aşyrmakdan, fiziki we ýuridiki şahslara döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Bölümiň esasy wezipeleri

  • Alkogolly we temmäki önümlerini getirmek, ýerlemek we temmäki önümlerini öndürmek babatynda işi  ygtyýarlylandyrmak boýunça işleri amala aşyrmak;
  • ygtyýarnamalaryň hereketini togtatmak we olary ýatyrmak, ygtyýarnamalary gaýtadan resmileşdirmekligi ýerine ýetirmek;
  • ygtyýarnamalaryň sanawyny ýöretmek;
  • resminamalary, şol sanda resmi kagyzlary dogry we doly ýazmaklygy, doldurmaklygy, ygtyýarnamanyň dalaşgärine düşündirmek ýa-da ýazyp dolduryp bermek;
  • ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýerine ýetirmekligi göz öňünde tutulýan işler boýunça işiň aýry-aýry görnüşlerinden şertli belgileri dogry saýlap bermek;
  • şertnamalaýyn esasynda eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan fiziki we ýuridiki şahslara maglumat we maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek;
  • ygtyýarnamalaryň nusgalaryny tassyklamak;
  • Arza bilen ýüz tutan fiziki we ýuridiki şahslaryň ygtyýarnama almak üçin tabşyran resminamalaryny sanow boýunça kabul etmek we dogrulygyny barlamak hem-de söwda işleriniň geçiriljek ýerleri boýunça barlag işleri geçirmek;
  • Bölümiň işini kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça Gullugyň başlygyna teklipleri bermekden ybarat bolup durýar.

YGTYÝARNAMA

Ygtyýarnama almak üçin gerekli resminamalaryň sanawy: Edara görnüşi

  1. Bellenen nusgadaky arza;
  2. Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan hasaba alnan kärhananyň tertipnamasy, şahadatnamasy we Türkmenistanyň Edaralarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi (nusgasy bilen);
  3. Ammar jaýynyň arassaçylyk ýagdaýy barada kepilnamanyň nusgasy;
  4. Ammar jaýynyň ýangyna garşy ýagdaýy barada kepilnamanyň nusgasy;
  5. Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň bölümi tarapyndan söwda desgasy ygtyýarnama talaplaryna taýýarlygyna gözden geçiriş ykrarnamasy;
  6. Bank tarapyndan berlen hasaplaşyk hasaby barlygy hakynda kepilnamasy;
  7. Kärhananyň ýolbaşçysyny wezipesine bellemek hakynda buýruk ýa-da beýan, onuň pasportynyň nusgasy;
  8. Alkogolly önümleri saklamak üçin ammar jaýynyň kärende şertnamasynyň ýa-da eýeçilik hukugyny tassyklaýan şahadatnamanyň nusgasy;
  1. Bellenen nusgadaky arza;
  2. Söwda kärhanasynyň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan hasaba alnan düzgünnamasynyň we Türkmenistanyň Edaralarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi (eger-de şahamça kärhananyň düzümine girýän bolsa tertipnamasy, şahadatnamasy we Türkmenistanyň Edaralarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi) (nusgasy döwlet kepillendiriş edarasynda kepillendirilen);
  3. Söwda desgasynyň arassaçylyk ýagdaýy barada kepilnamanyň nusgasy;
  4. Söwda desgasynyň ýangyna garşy ýagdaýy barada kepilnamanyň nusgasy;
  5. Bank tarapyndan berlen hasaplaşyk hasaby barlygy hakynda kepilnamasy;
  6. Söwda kärhanasynyň ýerleşýän ýerini tassyklaýan resminama (kärende şertnamasynyň ýa-da eýeçilik hukugyny tassyklaýan şahadatnamanyň nusgasy);
  7. Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň bölümi tarapyndan söwda desgasy ygtyýarnama talaplaryna taýýarlygyna gözden geçiriş ykrarnamasy;
  8. Salgyt gullugy tarapyndan berlen elektron gözegçilik-pulhana abzalynyň bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy;
  9. Nagt däl töleg terminalynyň şertnamasynyň nusgasy;
  10. Kärhananyň ýolbaşçysyny wezipä bellemek barada buýruk, onuň pasportynyň, diplomynyň nusgasy;
  11. DSGG-dan söwda obýektlerini Döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasy;

Ygtyýarnama almak üçin gerekli resminamalaryň sanawy: Hususy telekeçi

  1. Bellenen nusgadaky arza;
  2. Telekeçilik işini amala aşyrmak üçin hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy we patendi (nusgasy bilen);
  3. Ammar jaýynyň arassaçylyk ýagdaýy barada kepilnamanyň nusgasy;
  4. Ammar jaýynyň ýangyna garşy ýagdaýy barada kepilnamanyň nusgasy;
  5. Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň bölümi tarapyndan söwda desgasy ygtyýarnama talaplaryna taýýarlygyna gözden geçiriş ykrarnamasy;
  6. Bank tarapyndan berlen hasaplaşyk hasaby barlygy hakynda kepilnamasy;
  7. Hususy telekeçiniň pasportynyň nusgasy;
  8. Alkogolly önümleri saklamak üçin ammar jaýynyň kärende şertnamasynyň ýa-da eýeçilik hukugyny tassyklaýan şahadatnamanyň nusgasy;
  9.  
  1. Bellenen nusgadaky arza;
  2. Telekeçilik işini amala aşyrmak üçin hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy we patendi (nusgasy döwlet kepillendiriş edarasynda kepillendirilen);
  3. Söwda desgasynyň arassaçylyk ýagdaýy barada kepilnamanyň nusgasy;
  4. Söwda desgasynyň ýangyna garşy ýagdaýy barada kepilnamanyň nusgasy;
  5. Bank tarapyndan berlen hasaplaşyk hasaby barlygy hakynda kepilnamasy;
  6. Söwda kärhanasynyň ýerleşýän ýerini tassyklaýan resminama (kärende şertnamasynyň ýa-da eýeçilik hukugyny tassyklaýan şahadatnamanyň nusgasy);
  7. Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň bölümi tarapyndan söwda desgasy ygtyýarnama talaplaryna taýýarlygyna gözden geçiriş ykrarnamasy;
  8. Salgyt gullugy tarapyndan berlen elektron gözegçilik-pulhana abzalynyň bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy;
  9. Nagt däl töleg terminalynyň şertnamasynyň nusgasy;
  10. Hususy telekeçiniň pasportynyň nusgasy;
  11. DSGG-dan söwda obýektlerini Döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasy;