Söwda obýekitlerini Döwlet söwda sanawyna girizilmek baradaky bölümi
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň düzüm bölegi bolup, ol öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektleriniň Döwlet söwda sanawynyň ýöredilmeginiň we Döwlet söwda sanawyndan maglumatlaryň berilmeginiň Tertibine, «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda işleri amala aşyrýar we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryna hem-de Gullugyň Düzgünnamasyna laýyklykda alyp barýar.
Bölümiň esasy maksady
Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektleriniň Döwlet söwda sanawynyň ýöredilmeginiň we Döwlet söwda sanawyndan maglumatlaryň berilmeginiň, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektlerini Döwlet söwda sanawynda hasaba almagyň, olaryň sanawynyň ýöredilmeginiň we olary sanawdan çykarmagyň, şeýle-de Döwlet söwda sanawyndan maglumatlary bermegiň tertibini düzgünleşdirmek bolup durýar.
Bölümiň esasy wezipeleri
- Ýurdumyzyň ilatynyň sarp ediş harytlaryna we söwda hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak;
- Döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly söwda hyzmatlarynyň guralyşyny we ýerine ýetirilişini kämilleşdirmek;
- Ministrlik tarapyndan söwda babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde söwda işiniň döwlet tarapyndan netijeli düzgünleşdirilmegini amala aşyrmak;
- Türkmenistanyň söwda pudagyny ösdürmegiň, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň maksatnamalary işlenip taýýarlananda ilatyň söwda hyzmatlary bilen üpjünçiligi babatda hakyky maglumatlardan ugur almak;
- Ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen üpjün edilişine baha bermek we bu babatda kadalaryň berjaý edilmegini gazanmak;
- Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän söwda obýektleriniň döwlet tarapyndan ýeke-täk hasabyny we maglumatlar binýadyny, şeýle hem olar hakynda maglumatlaryň üýtgemeginiň hasabyny ýöretmek.

ŞAHADATNAMA
Söwda obýektleri döwlet söwda sanawyna hasaba almak üçin gerekli resminamalar:
- Yuridik şahs üçin — yuridik şahslarynyň ýeke — täk döwlet sanawyndan göçürmesi, şahadatnamasy, tertipnamasy, onuň ynanylan wekiline berlen ynanç haty.
- Fiziki şahs üçin hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamalar (patent, salgyt bölüminin bellige alyş şahadatnamasy, senagatçylar we telekeçiler birleşmesinin şahadatnamasynyň nusgasy ), pasportynyň ýa — da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamalar.
- Statistiki edarasyndan maglumat — haty.
- Bankdan rekwizitleri.
- Söwda obyektiniň kärende şertnamasy, eger obyekt hususy bolsa, söwda obyektiniň tehniki tükelleýiş kitaby.